Katalog

Biz barada

“Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi 2014-nji ýylyň 26-njy dekabrynda açylyp ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ol Aşgabatdaky iň uly söwda toplumy bolup, meýdany 101,605 inedördül metr bolan 4 gatly söwda we dynç alyş merkeziniň binasyndan we meýdany 33,218 inedördül metr bolan 13 gatly Işewürlik merkezinden ybarat.

about-photo
about-photo

Söwda we dynç alyş merkezinde Villeroy boch, Levi’s, Uspa Polo, Nike, Swiss best, Samsung we ş.m. 350-den gowrak brendleriň dükany ýerleşýär. Bu toplum uly zynjyrly ýerli supermarketiň, 22 restoranyň we fastfud nokadynyň (Ýewropa we Gündogar aşhanasy), 1000 adam üçin ýörite çäreler üçin restoran, oýun meýdançalary, kinoteatrlar, sport çäreleri (bouling, bilýard, sport zaly, tans sporty we söweş sungat zaly) öz içine alýar.


 Bu ýerde salonlaryň, myhmanhanalaryň, foto studiolarynyň, çaphana, IT-merkezi, mahabat, biznes okuw sapaklary, kazyýet işi, audit, rieltor, terjimeçilik işleri, logistika we syýahatçylyk hyzmatlary hödürlenilýär. “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi her gün 9:00-dan 23:00-a çenli hemmeler üçin açykdyr. 

about-photo
about-photo

Bu binada ýerli kompaniýalardan başga-da, işewürlik binasynda halkara banklar we dünýä belli kompaniýalar: Deutsche banky, European bank for Reconstruction and Development bank, Asian Development bank, SGS, USAID QED Group, Schlumberger, Gideon Righter, Rönesans, Serba Dinamik, Hyundai Engineering, Sumitomo Corp., Mitsubishi Corp., Kawasaki Corp., we birnäçe daşary ýurt ilçihanalary ýerleşýär.

about-photo
about-photo

“Berkarar” toplumynda halkara hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýän enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylan. Binanyň ýanaşyk ýerinde 1300 orunlyk awtoulag duralgasy bar. 


Paýtagtymyzyň esasy söwda we dynç alyş merkezleriniň arasynda “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi iň ulusy we iň möhümidir. Ol Aşgabadyň merkezinde, Halkara Olimpiýa sport toplumynyň golaýynda, saýlama ýaşaýyş meýdany we dolandyryş binalarynyň arasynda (halkara guramalar, daşary ýurt kompaniýalary, ilçihanalar we olaryň ýaşaýan ýerleri, kaşaň myhmanhanalar, döwlet guramalary we bilim edaralary) amatly ýerde ýerleşýär.

about-photo
about-photo

Kinoteatr "Berkarar" 2D we 3D enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kinoteatrdyr. Şäherdäki iň meşhur we ýygy-ýygydan tomaşa etmäge barylýan kinoteatr bolup durýar. Tomaşaçylara filmleriň dürli görnüşlerini, şeýle hem tomaşaçylara amatly şertleri hödürleýär. Zallar häzirki zaman sanly proýektorlar, ses ulgamlary we rahat oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylandyr.


Kinoteatrda yzygiderli ýagdaýda filmleriň premýeralary görkezilýär, şeýle hem meşhur blokbasterleriň, multfilmleriň we ýerli filmleriň görkezilişi geçirilýär. Kinoteatrda 3 sany tomaşaçylar zaly, şeýle hem 8 adamlyk VIP-zal bar. Mundan başga-da, bu ýerde film premýeralary, işewürlik seminarlary we başga-da dürli tematiki çäreler yzygiderli geçirilýär.